Aýdyň maksatlar, belent sepgitler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň, il-ýurt bähbitli tutumlaryň halk bilen maslahatlaşylmagy, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň geňeşilip çözülmegi asylly däbe öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp bir kes» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy dogrusynda çykyşlarda bellenildi. Söhbetdeşlik «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.