Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty

Paýtagtymyzda dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi. Garaşsyz Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan göçme sergi guralyp, muzeýiň hünärmeni göçme sergide guralan muzeý gymmatlyklary dogrusynda hem-de ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri barada çykyş etdi. Onuň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

13/10/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244