Söhbetdeşlik
Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günleriň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Mary welaýatynyň demokratik partiýasynyň bölüm müdiri, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň işgäri, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Beýik Saparyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmagynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze ösüşleri gazanmak dogrusynda söhbet edildi. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.