Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda çykyş edenler Gruziýanyň Tbilisi şäherinde ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Gruziýadaky ilkinji Medeniýet günleri täsirli hem gyzykly pursatlara beslenendigi, sungat ussatlarynyň konserti, döredijilik we muzeý işgärleriniň, teatr artistleriniň duşuşygy, milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, çeper filmiň görkezilişi ýaly köpöwüşginli çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy Medeniýet günleriniň baý mazmunly maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn döredijilikli çemeleşilendigi barada buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

20/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

19/07/2026

Dostluk owazlary

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244