Şekillendiriş sungaty

Häzirki wagtda milletimiziň medeni gymmatlyklaryny aýap
saklamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek babatda düýpli işler durmuşa
geçirilýär. Muzeýler gurlup, ulanylmaga berilýär, taryhymyza bagyşlanan halkara
maslahatlar we sergiler geçirilýär. Milli mirasymyzyň, maddy gymmatlyklarymyzyň
goralyp saklanylyşyna, olaryň ylmy taýdan öwrenilip, halk köpçüligine wagyz
edilişine ünsi has-da güýçlendirdi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde Altyn asyr Türkmenistan: teleýaýaýlymy tarapyndan «Muzeý
gymmatlyklary» dogrusynda gepleşik ýazgy edildi. Ýazgyda muzeýiň hünärmenleri
Aýgül Bekmiýewa, Maýa Babanyýazowa, Aýjemal Gatyýewa dagylar çykyş etdiler.
Halypalaryň eserleriniň her birinde tebigat gözellikleriniň her pasla görä aýratynlyklaryny,
howanyň yssysyny duýup bolýar. Şemala başlaryny yrap oturan gülleriň, baglaryň
ygşyldysyny eşidip bolýar. Şeýle-de şol sowgat berlen eserlerden biz
ekspozisiýamyzy bezäp durýarys. Sungaty öwreniji ýaş talyplar dynç alyş
möwsümlerinde halypa suratkeşleriň eserlerinde göçürmä gelýändikleri barada
ýazgyda çykyş etdiler.

Paýlaş

08/09/2025

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244