Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistandaky Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň çäklerinde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň sergisi dowam edýär. Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2403 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylary muzeýimizde myhmançylykda boldular. Myhmanlar muzeýimiziň hemişelik sergi zallary bilen tanyşdylar hem-de sergide yslam medeniýetinde çuňňur kök uran sungat bolan arap hat-ýazuwy, türkmen alymlarynyň arap dilinde ýazan çeper kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide milli däp-dessurlaryň baýlygyny, milli medeniýetlerini hem-de taryhynyň gazananlaryny görkezýän fotosuratlar bilen içgin gyzyklandylar.