Maddy we ruhy miras –Merkezi Aziýa üçin sebitara taslamasy

Ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň birnäçesinden muzeý hünärmenleri 2026-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolup, ol ýeriň muzeýlerinde, arhiw edaralarynda we taryhy-medeni miras merkezlerinde öwrenilen tejribelerini, hususan-da muzeý gymmatlyklaryny saklamak konserwasiýa we rejeleýiş işlerini guramak ugurlary boýunça gazanylan tejribelerini ýaýratmak maksady bilen muzeý hünärmenleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrylan hünär kämilleşdiriş iş saparynyň netijeleri boýunça hünärmenler biziň ýurdumyzda muzeý işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Muzeý işi babatda iş saparynyň netijeleri esasynda wagyz hem-de usulyýet çäreleriniň geçirilmegi muzeý hünärmenleriniň kämilleşmegine has-da itergi berýär. Duşuşygyň ahyrynda muzeý işini kämilleşdirmäge dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmaga döredilýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244