Türkmenistanyň Halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň ýubileý sergisi
Häzirki döwürde türkmen sungatynyň we ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw berýän halypa-şägirtlik ýörelgesi möhüm ähmiýete eýedir. Görnükli wekilleriň döredijilik ýoluny, ussatlyk syrlaryny we iş usullaryny öwrenmek bolsa ýaş nesliň paýyna düşýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän baý taryhy, jemgyýetiň görnükli şahsyýetleriniň keşbi we gündelik durmuşy şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda giňden şöhlelendirilýär.
Halypa ussat heýkeltaraşlaryň biri hem Babasary Annamyradowdyr. Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň ýubileýine bagyşlanyp muzeý gaznasyndan hem-de şahsy ýygyndysyndan alnan eserlerinden düzülen sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň sungat söýüjileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň döredijilik mirasy inçe zähmeti, çuňňur mazmuny we içki sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Ýene köp müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp galjak heýkeltaraşlyk sungatynyň döredijilik we medeni ähmiýeti uludyr. Babasary Annamyradowyň duýgyly heýkel eserleri geljekde-de ýurdumyzyň ýaş suratkeşlerine we heýkeltaraşlaryna milli çeperçilik mekdebiniň däplerini özleşdirmekde nusga boljakdygyna ynanýarys.