Sungat mekdebi gezelençde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň kämil dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanmak üçin medeni mirasymyzy gorap saklamakda geljekki nesillere ýetirmek, ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Aşgabat şäheriniň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gezenlenje geldiler. Muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan taryhy ýadygärlikler dogrusynda hem-de halypalaryň ýerine ýetiren nakgaş eserleri bilen içgin tanyşdylar. Hakyky usatlar ölmeýärler. Milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýar. Sebäbi ussatlaryň döreden ajaýyplyklary, ýerine ýetiren eserleri, guran binalary halkyň aňynda, ýüreginde ebedilik ýaşar. Geljekki nesillerimize ýadygärlik bolup galýar.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244