Milli miras-nesillere görelde

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Onda türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleriniň esasy orny, zenan şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygy, türkmen ussalarynyň beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasandygy barada söhbet edildi. Mundan başga-da Keçeçilik sungatynyň türkmen halkynyň gadymy hem gymmatly el sungatlarynyň biridigi, bu sungat diňe bir gündelik durmuşda peýdalanylýan senet däl-de, eýsem halkyň döredijilik zehininiň, zähmetiniň we milli medeniýetiniň aýdyň nyşanydygy dogrusynda, keçeçilik sungaty türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň, öý bezeginiň hem-de däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada muzeý hünärmenleri çykyşlarda bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy gorap saklamakda, olary geljekki nesillere ýetirmekde uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürkelerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244