Maglumat we sanlaşdyrma
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa uniwersitetiniň doktory Daniýel Weýsiň gatnaşmagynda, şeýle hem muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Onda muzeý işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, muzeý gymmatlyklaryny sanlaşdyrmak dogrusynda çykyşlar edildi. Häzirki wagtda sanly ulgamyň ösen döwründe muzeý gymmatlyklaryny we olar baradaky maglumatlary sanlaşdyrmagyň maksady, bu gymmatlyklaryň geljekki nesillere ýetirmekde şeýle hem taryhy maglumat çeşmesi hökmünde ähmiýetiniň uludygy barada myhman öz çykyşlarynda belledi. Mundan başga-da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeýlerinde sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda tejribeler alşyldy. Çykyşlaryň ahyrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa uniwersitetiniň doktory Daniýel Weýs okuw sapagyna gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.