“Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda” atly sergisi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda batly gadamlar bilen öňe barýan Diýarymyzda toý-dabaralaryň sany gün-günden artýar. Gadymy döwürlerden bäri doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy taryhy kökleri, dili, ruhy däp-dessurlary baglanyşdyrýan taryhy dostluk gatnaşyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan türkmen-gazak hyzmatdaşlyklarynda häzirki wagtda has-da ýokary netijeli wezipeler ýola goýuldy. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gazagystanyň “Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda” atly fotosergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne çenli dowam eder. Sergide Gazagystanyň taryhy ýadygärliklerini, olaryň däp-dessurlaryny, milligini, medeniýetini açyp görkezýän fotosuratlar türkmen jemgyýetini XIX asyryň ahyry we XX asyryň başlaryndaky gazak halkynyň taryhy we etnografik keşbi bilen tanyşdyrýar. Häzirki günde bütündünýä derejesinde ahmiýetliligi aýan bolan sungatymyz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly işleri netijesinde belent sepgitlere ýetdi. Buýsanjymyz bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýulýan hormat sarpanyň belentligini täze ösüşlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat  bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

20/10/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

13/10/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244