«Pederleri hatyralap» atly sergi

Taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň geçen ýollarynda merdana pederlerimiziň mertligi, watansöýjiligi mydama bize görelde bolup durýar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilýän gije Aşgabatda bolup geçen elhenç ýer titremesi egsilmez gussany getirdi. Bir gijäniň içinde ajaýyp şäherimiz weýran bolup, müňlerçe ildeşlerimiz şehit boldy. Şol sebäpli hem 6-njy oktýabrda bellenip geçilýän Hatyra güni diňe bir geçmişi ýatlamak däl, eýsem halkymyzyň agzybirligini, ruhy berkligini we pederlerimize bolan uly hormaty görkezýän mukaddes gündir.
  Bu gün halkymyz Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlary galyberse-de, Watanyň azatlygy we Garaşsyzlygy ugrunda janlaryny pida eden Gahrymanlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. Mähriban halkymyz ähli şehitlerimizi ýatlap şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Pederleri hatyralap» atly sergi guraldy.
  Hatyra güni diňe bir geçmişi ýatlatman eýsem şu günki parahatlygymyzy asuda asmanymyzy we bagtyýar durmuşumyzy ýetilen bagty ýatladýar. Gahrymanlaryň we şehit bolanlaryň ýatlamasy kalbymyzda baky ýaşar. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244