Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerindäki alnyp barlan işler barada  söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda  Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi dogrusynda we häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýandygy barada çykyşlarda nygtaldy. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

18/09/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Ş

03/09/2026

Güýz keşbi

Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeý

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244