«Bir belent ykbal sen illere, bedew»
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi, Aşgabat şäher hem-de etrap Geňeşleriniň guramagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy şeýle hem behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi bilen bagly «Bir belent ykbal sen illere, bedew» atly brifing duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda muzeýimiziň hünärmeni Güljeren Atabaýewa, milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolan behişdi bedewlerimize uly hormat goýulýandygyny hakynda çykyşynda belläp geçdi. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.