Garaşsyz Watanymyz — dillerde dessanymyz
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäniň iň durnukly ösýän ykdysady döwletleriniň birine öwrüldi. Herbir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, geljegini we dünýädäki ornuny kesgitleýän mukaddes seneler bar. Türkmen halky üçin şeýle iň belent mukaddes sene 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmen halky Garaşsyz döwlet diýip, yglan edilmegidir. Häzirki wagtda bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Garaşsyz Watanymyz — dillerde dessanymyz» atly sergi guraldy. Sergide Öwezmuhammet Mämmetnurowuň “Miras”, “Türkmen –at ýarag esbaplary”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý”, “Garaşsyzlyk toýy” şeýle-de halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýän ýaş ussatlaryň nakgaş eserleri sergimizde uly orun aldy. Sergimize Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda muzeý hünärmenleriň ýürek buýsançlary ýazgy edildi. Ýenede sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy bellenilýär. Bu baýramçylyk bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle-de bütin Türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! belent başlary aman bolsun!