Söhbetdeşlik

Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda häzirki döwürde Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasat halkymyzyň köpasyrlyk milli häsiýetlerine, ynsanperwer ýörelgelerine we gadymy däp-dessurlaryna daýanýandygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan giň möçberli özgertmeler dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply derejä ýetendigi we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyna öwrülendigi barada nygtaldy. Şeýle hem Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hakynda, Milli Liderimiziň başyny başlan we döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ösdürýän atçylyk pudagy, şu günki günde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýüzüne ýaýrandygy dogrusynda we ahalteke bedewleriniň halkymyzyň ruhy belentliginiň, okgunlylygynyň we parahatçylyk söýüjiliginiň mukaddes nyşanydygy barada çykyşlarda bellenildi. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244