Keçe – gadymy hem müdimi sungat
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adynaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda türkmeniň keçeçilik sungaty barada söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeleriň güneşe baý ülkämiziň ähli ýerinde öýlerimiziň törüni bezeýändigi, gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçe ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydygy dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem keçäniň taýýarlanyş usuly ähli ýerde birmeňzeş bolsa-da onuň nagyşlarynda, ölçeginde we agramynda tapawudynyň bardygy, meselem, ýurdumyzyň günbatar künjeklerinde taýýarlanylýan keçeler özüniň diňe bir nagyşlary boýunça däl, eýsem, göwrümi, hili bilen-de beýlekilerden tapawutlanýandygy dogrusynda muzeý hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.