Garaşsyzlyk — halkyň arşa ganat açmasy
Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan
toýlanylýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Halk maslahatyna
uludan taýýarlyk görülýän günleriň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda merdana halkymyzyň özbaşdak,
Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy, baky Bitarap Türkmenistan
Watanymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny giňden
dabaralandyrmak, şeýle hem oňa toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada çykyş
etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.