Dost – doganlyk gatnaşyklary berkeýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet  kitaphanasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine bolan iş saparynda gol çekilen birnäçe ähtnamalar boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletindäki iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama kabul edilendigi, şeýle-de kitaphana ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi dogrusynda, kitaphana işiniň täze, döwrebap iş ugurlaryny girizmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we ulanmak arkaly tejribe alyşmakda ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygy hakynda söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri doganlyk döwletiň  belli ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýandygyny  buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden medeniýet işgärleri Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýada Türkmenistanyň medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi we onuň çäklerinde guralan sergiler hakynda hem nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

19/07/2026

Dostluk owazlary

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244