Dostluk owazlary
Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi, Köpetdagdan Kawkaz daglaryna sary uzaýan dostluk köprüleriniň binýadynyň berkdigini görkezdi. Türkmenistan we Gruziýa gadymy taryhy, baý medeni mirasy bolan ýurtlardyr. Milli mirasymyzyň, şol sanda muzeý gymmatlyklarynyň, kitaplaryň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden guralan ajaýyp sergisi hem köp adamly bolup, gruziýaly dostlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Ynha bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly çäreler mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ol ýerde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden düzülen göçme sergisi hem guraldy.