Talyp ýaşlaryň muzeýe gezelenji

Türkmen halkynyň medeni mirasy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Medeni miras — bu diňe bir gadymy ýadygärlikler däl, eýsem halkyň aňyndaky gymmatlyklar, däp-dessurlar, sungat, halk döredijiligi we ruhy mirasdyr. Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Talyp ýaşlara muzeý hünärmenlerimiz tarapyndan düşündirişli gezelenç guraldy. Talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sungat eserleri barada sorag-jogap alşyp olar bilen içgin tanyşdylar. Şular ýaly gezelençleriň guralmagy ýaşlaryň gözýetimine, bilimine we olaryň döredijilik äleminde kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin diýseň uly ähmiýeti bardyr.


Paýlaş

20/10/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

13/10/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244