«Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşçylyk eserleriniň sergisi

Türkmen teatr sungatynyň we sahna bezeginiň döwrebap ösüş taryhynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan medeni syýasaty ýurdumyzyň teatr ulgamyny düýbünden täze, döwrebap derejä göterdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallary sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe alyşmagyna uly ýardam edýär.

Ynha bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi gurnaldy. Onda halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna,
kinofilmlere, multfilmlere, pýesalaryna bagyşlanan taslamalary, nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebip», «Ene topragym», «Aýly gijäniň garaňkylygy», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym Işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we Kazy», «Magtymguly» operasy, «Hyjuwly ýürek», «Aýna» operasy  ýaly birnäçe ajaýyp eserleri belläp geçmek bolar. Galyberse-de, sahna bezegi diňe bir taslama bezegi bolman, aktýoryň sahna durmuşy bilen sazlaşykly ösýän bütewilikdir. Şoňa görä-de, döwrebap türkmen teatrynda bezeg sungaty, režissýorlyk çözgüdi we aktýorlyk ussatlygy özara baglanyşykda bolup,  bütewi bir
ulgama öwrülýär.

Paýlaş

29/06/2026

Söhbetdeşlik

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

26/06/2026

Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244