Medeniýet hepdeligi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Baýramçylyga bagyşlanyp gurnalan sergide halypa suratkeşler Aýhan Hajyýewiň, Çary Amangeldiýewiň, Annadurdy Аlmämmedowyň, Annamämmet Hojanyýazowyň, Nyýazmyrat Dowodowyň hem-de Durdy  Baýramowyň eserleri öz beýanyny tapdy. Bu eserler dabaralara gatnaşan her bir myhmanda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy. Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi uly ähmiýete eýedir.

Paýlaş

30/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş  sungaty muzeýiniň hem-

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244