«Arkadag şäheri-bagtyň şäheri» atly söhbetdeşlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Arkadag şäheri şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydygy barada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy, ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi Jumageldi Salamow, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Myrat Goşaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa, Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesiniň 1-nji kämillik derejeli sanitariýa lukmany Dünýägözel Hojamyradowa şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň usuly-kitaphana bölüminiň müdiri Gülälek Garajaýewa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesiniň berilendigi barada, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi barada çykyşlar edildi. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini, häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Söhbetdeşlik «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

19/06/2026

Brifing duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň tä

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244