Muzeý işinde sanly ulgam ilerledilýär

Sanly ulgamyň ösdürilmegi döwrüň talabydyr. Şoňa görä-de, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden halkymyzyň taryhy medeni gymmatlyklarynyň ojagy bolan muzeýlerde hem giňden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň baý taryhyny, medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sanly muzeý ulgamyny ösdürmegi dowam etdirmek barada beren tabşyryklary bu ugurda aýdyň maksatlary, wajyp wezipeleri kesgitledi.

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikdemedeniýet ulgamyny-da ösdürmek, milli sungatymyzy täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaş nesilleriň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Çünki ösen medeniýet ulgamy halkyň ruhy dünýäsiniň baý we kämil bolmagynda öräwajypdyr. Döwletiň binýadynyň ählitaraplaýyn berk bolmagynda bolsa halkyň ruhy sagdynlygy, aň-düşünje kämilligi möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy hem-de sanly tehnologiýalaryň gündelik durmuşymyza işjeň aralaşmagy hyzmatlar ulgamyna özboluşly täsirini ýetirdi. Bu ugra döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen, edaralaryň dürli görnüşli hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklyk-da kämilleşdirmek bellenilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça başy başlanan özgertmeler medeniýet ulgamynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu ulgamda sanly muzeý işi-de giňden ösdürilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hereket edýän artmuseum.gov.tm resmi web saýtynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda onlaýn sergi halk köpçüligine ýetirildi. Muzeýiň internet sahypasynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirilen bu muzeý taslamasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek girizilendigini bellemek gerek. Bu onlaýn sergini wirtual görnüşde synlamak bolýar. Onuň maksady muzeý işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmekden hem-de ýerlikli peýdalanmakdan ybaratdyr. Wirtual serginiň aýratynlygy bolsa onuň diňe internet torunda amala aşyrylandygyndadyr. Bu onlaýn taslamany durmuşa geçirmekde bar bolan sanly infrastruktura we internet mümkinçiliklerine esaslanyldy. Munuň özi muzeýiň işini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda sanlylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Internet ulgamynda ornaşdyrylan sergä tomaşa edýän her bir adam onda görkezilýän islendik eser bilen ýakyndan tanşyp, ol hakynda maglumat alyp bilýär. Onlaýn sergini diňe bir kompýuterlerde däl, eýsem, smartfonlarda we beýleki degişli enjamlarda hem synlamak mümkindir. 

Geljekde-de şeýle görnüşdäki sergileri ýylda 4 gezek hödürlemek meýilleşdirilýär.Ýylyň dowamynda görkeziljek şeýle sergiler mowzuklaýyn bolar hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tanymal suratkeşleriniň şahsy döredijiligine bagyşlanar. Onlaýn sergi muzeýimiz bilen daşary ýurtlaryň belli muzeýleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem dostlukly halklaryň biziň milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da içgin öwrenmegine, türkmen jemgyýetiniň maddy we ruhy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmeginiň çäklerinde, şular ýaly täze taslamalar muzeý işiniň döwrebap derejede ilerledilmegini şöhlelendirýär. Halkymyzyň baý milli medeniýetini gorap saklamak, dünýä tanatmak, sanly ulgamy ösdürmek babatda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.



Aýgül BEKMIÝEWA, 

Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýiniň bölüm müdiri.

Paýlaş

19/06/2026

Brifing duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň tä

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244