«Altyn ýyldyz» çagalar dync alyş we sagaldyş merkezi
Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Çagalar tomusky dynç
alyş günlerini ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş
merkezlerinde geçirýärler. Bu ýerlerde olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri
üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Gyzgalaňly dowam edýän günlerde «Altyn ýyldyz»
çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda çagalar bilen duşuşyk geçirildi. Ol ýerde muzeý hünärmenleri çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitap
eserlerinden söhbetdeşlik geçirdiler. Çagalara surat çekdirilip, şekillendiriş sungaty we muzeý gymmatlyklary dogrusynda
sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýine wertualmuseum.gov.tm atly internet salgysyna gaýbana syýahat etdiler.