Brifing duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ata Watanymyzda medeniýete, sungata we edebiýata goýulýan sarpa belent derejelere göterilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
yzygiderli dabaralar geçirildi. Şeýle şanly sene mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de etrap Geňeşleriniň we «Aşgabat» gazetiniň bilelikde
gurnamagynda «Ýaşlar — watanyň daýanjy» atly aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi. Brifing duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň göçme sergisini gurnady. Guralan çäre diňe bir baýramçylyk dabarasy bolman, eýsem, ýaş nesliň milli
medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza bolan çäksiz söýgüsini we sarpasyny
görkezýän täsirli duşuşyga öwrüldi. Brifingiň dowamynda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň we
pelsepesiniň ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik we mertlik ruhunda
terbiýelenmegindäki uly ähmiýetini aýratyn bellediler. Duşuşygy diňe bir
çykyşlar we pikir alyşmalar bilen çäklenmän, eýsem, zehinli ýaşlaryň, aýdymçylaryň
we sazandalaryň ýerine ýetiren ruhubelent aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Beýik
akyldaryň sözlerine gurnalan nusgawy we döwrebap aýdymlar dabara gatnaşyjylarda
aýratyn täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen medeniýetini,
sungatyny we edebi mirasyny dünýä derejesinde dabaralandyrýan, ýaşlaryň kämil
şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz
minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny bildirdiler. 

Paýlaş

19/06/2026

Brifing duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň tä

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244