“Milli medeniýet- öçmejek sungat” atly sergisi
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda medeniýeti we sungaty diňe bir
durmuşuň bezegi bolman, eýsem, milletiň şahsyýetini, onuň bitewiligini saklap
gelen iň uly güýçdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýununda
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni
uludan bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde hem “Milli medeniýet - öçmejek sungat” atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk
suratkeşleri Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezow”, Çary Amangeldiýewiň
“Şükür bagşy”, Aman Amangeldiýewiň “Bagşy Ökdirow”, Nyýazmyrat Dowodowyň
“Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew” şeýle-de Saparmämet Meredowyň “Sahy
Jepbar, “Çary Täçmämmedow”, Iwan Ilýiniň “Magtymguly Pyragy”, Ahmet Hallyýewiň
“Azady we Magtymguly” ýaly ajaýyp eserler sergilendi. Sergimize medeniýet we
sungat işgärleri hem gatnaşdy. Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň
toýlary toýa ulaşsyn! Türkmen medeniýetine, sungatyna uly hormat goýýan türkmen
halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
hem-de mähriban türkmen halkymyzy ýetip gelýän hünär baýramymyz bolan,
medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni
bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!