Gadymy sungat bölüminde söhbetdeşlik

Biziň şöhratly taryhymyzy gorap saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen taryhy medeni ýädygärliklerde gazuw agtaryş işleri geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tapylan taryhy gymmatlyklar biziň muzeýimiziň “Gadymy sungat” bölüminde ýerleşdirlen.  B.e. öň IV. Müň ýyllygyna degişli Ýylgynly depe ýadygärligi  hadysalaryň we wakalaryň bolup geçen döwri bolup, Orta Gündogaryň gadymy ýadygärliklerini täzeden dikeltmekde, olaryň gurluşyny täzeden öwrenmekde esasy çeşme bolup durýandygy dogrusynda Merjen Karakulowa öz çykyşynda gürrüň berdi. Nagyşly külalçylykdan aýratynlykda  Änew, Altyndepe we başga ajaýyp nusgawy arheologik  ýadygärliklerden belli bolşy ýaly Marguş ýurdunyň ussat külalçylarynyň eserleri ýagty ornamental bezeg  bilen däl-de  özüniň gaýtalanmajak ajaýyplygy bilen özüne çekýändigi barada Miwegül Resulberdiýewa çykyş etdi.

Paýlaş

18/09/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Ş

03/09/2026

Güýz keşbi

Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeý

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244