Baýramçylyk söhbetdeşligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeý  hünärmenleri Aýgül Bekmiýewa, Sonagül Karaşewa, Miwegül Resulberdiýewa dagylar çykyş etdiler. Hünärmenler özleriniň çykyşlarynda diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berilýädigi dogrusynda  gyzykly gürrüňler berdiler.

Paýlaş

30/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş  sungaty muzeýiniň hem-

20/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

19/07/2026

Dostluk owazlary

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244