«Türkmen topraklaryna syýahat» atly sergisi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, medeni ulgamdaky gepleşikleriň aýdyň nusgasydyr. Iki ýurduň arasyndaky medeni köprüleri has-da berkitmek, taryhy we ruhy gymmatlyklary dabaralandyrmak maksady bilen guralan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde meşhur fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýyllarda ýurdumyzyň çäginde düşüren fotosuratlarynyň “Türkmen topraklaryna syýahat” atly täsin fotosergisi bu halkara çäre we döwletara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýär. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Fransiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde tomaşaçylar fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýyllarda düşüren seýrek fotosuratlaryna, ýagny asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň durmuşyny görkezýän täsirli pursatlara tomaşa etdiler. 

Ekspozisiýada sebitiň gaýtalanmajak mirasyny ebedileşdiren ýerli ýaşaýjylaryň portretleri we türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň görnüşleri görkezilýär. Surata düşürilen bu taryhy pursatlar tomaşaçylar üçin diňe bir 1890-njy ýyllaryň wizual ýyl ýazgysy bolman, eýsem, fransuz-türkmen gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýän medeni alyş-çalyş köprüsi bolup durýar. 

Bu suratlar diňe bir dokumental gymmata eýe bolman, eýsem, XIX asyryň ahyryndaky Merkezi Aziýanyň gündelik durmuşyny we janly keşbini uly inçelik bilen görkezýär. Häzirki wagtda olar şol döwrüň jemgyýetini, medeniýetini we ýaşaýyş ugruny has gowy düşünmek üçin bahasyna ýetip bolmajak guraldyr.

Sergi özüniň portretleri, tebigy görnüşleri we gündelik durmuşyň pursatlary arkaly tomaşaçylary umumy medeni mirasy täzeden açmaga hem-de taryha täzeçe garamaga çagyrýar. Şeýle hem, ol ýewropalylaryň Merkezi Aziýa bilen tanyşmagynda fotosuratlaryň ornuny tutýar. XIX asyryň ahyryndaky sebitiň durmuşyna gyzykly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244