Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-geljege ynam» atly sergisi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.Watanymyzda ylym ulgamyny ösdürmekde ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýaşlary ylmy bäsleşiklere çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Alymlaryň ylmy işleri pudaklary ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Milli bilim ulgamynda bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-geljege ynam» atly sergi gurnaldy. Oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Sergide görkezilen çeper eserlerde ylym dünýäsiniň waspyny görmek bolýar. Bu eserler sergä gelen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!