«Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly sergi
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk ýaş nesle goýulýan beýik hormatyň, çäksiz aladanyň we söýginiň aýdyň nyşanydyr.
Şu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznasynda çagalaryň çeken ajaýyp eserleri bilen birlikde, Bäşim Nuraly adyndaky sungat mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleriniň döreden eserleri hem sergilenýär.
Ýaşajyk suratkeşleriň döredijilik işleriniň sergä gatnaşdyrylmagy olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de geljekde has-da uly üstünliklere ruhlandyrmaga ýardam berýär. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek, olaryň zehinini goldamak döwletimiziň medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurt abadançylygyny, il agzybirligini we ýaş nesliň nurana geljegini baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! Parahat, asuda Watanymyzda
çaga gülküsi hemişe belentden ýaňlanyp dursun!