“Arzuwlaryň ak şäheri”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri, Aziýanyň merjeni, parahatçylygyň merkezi hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde paýtagt şäheri düýpgöter özgerdi, gözelleşdi, täsin şähergurluşyk keşbine eýe boldy, çägi giňeldildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Aşgabadyň güni mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Aşgabat şäheriniň milli binagärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän desgalary dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýändigi barada gyzykly gürrüňler edildi. Çykyşlaryň ahyrynda Eziz Watanymyzy, ak mermerli mähriban paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Bu söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.