“Aşgabat - Watanymyzyň göwher gaşy” atly sergisi

Garaşsyz baky Bitarap mähriban
diýarymyzyň, saba säherlerde, mylaýym ýeller öwüsýän oba-şäherlerinde parahatlyk, asudalyk höküm sürýän ülkämizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Watanymyzyň at-abraýy dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr” diýip, belleýşi ýaly Aşgabat şäherinde ajaýyp köşkler, teatrlar, muzeýler, durmuş maksatly onlarça binalar, seýilgähler gurulup dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ady “Yşk” we “Abat” sözlerinden emele gelip, “Söýgi şäheri”, “Abatlananyşyk
mekany” diýen, manyny berýär. 
Aşgabat indi dünýä bileleşiginde halkara maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalyp, döwletleri we halklary birleşdirýän, jebisleşdirýän parahatçylyk merkezine öwrüldi. Aşgabat hakykatdanda iň gözel gymmatly daşy-Watanymyzyň göwher
gaşydyr, onuň waspyny näçe taryplasaň-da az. Gözel ülkämizde her ýylyň 25-nji
maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilýär. Bu gün hem şanly baýram
mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “Aşgabat Watanymyzyň göwher gaşy’’ atly sergi guraldy. Sergide halypa we ussat suratkeşlerimiziň ajaýyp eserleri sergilenýär. Sergimize Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň
mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.  Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bizi bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen
halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý,
asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baýdagymyz belentde parlap
Watanmyzyň, şähermiziň at owazy dünýä dolsun!

Paýlaş

14/05/2026

Hasabat sergisi

Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi Aşgabat şäheriniň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244