Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlarymyza hormat» atly sergisi

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir” diýip belleýär. Dünýä taryhynda örän pajygaly, iň gandöküşikli döwür bolup giren 1941-1945-nji ýyllarda merdana halkymyz söweş meýdanynda batyrgaýlyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ruhunuň belent nusgasyny görkezip, ýaş nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. Ýeňiş diňe bir taryhy waka däl-de, eýsem biziň ruhy gymmatlygymyz, asuda asmanymyzyň binýady hökmünde dabaralanýar. Şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş  sungaty muzeýinde gurnalan “Gahrymanlarymyza hormat” atly sergi hem şol gahrymançylykly ýyllaryň çeper beýanyny, halkymyzyň sarsmaz ruhuny sungatyň dili bilen açyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşlerimiziň we heýkeltaraşlarymyzyň dürli öwüşginli eserleri ýerleşdirildi. Sergimize myhmanlar talyp ýaşlar hem gatnaşdylar. Bize şeýle täsirli sergileri gurnamaga, sungatymyzy dünýä ýüzüne dabaralandyrmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Mähriban halkymyzy, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, ýurdumyzda parahatçylyk baky bolsun, asmanymyz elmydama dury we asuda bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244