Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli ýatlama sergisi
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, ylym we sungat äleminiň görnükli wekili Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň ilkinji halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň şägirdi bolan Nyýazmyrat Dowodow öz halypasynyň: «Sungat öz ene topragynda kök urmalydyr» diýen wesýetini ömrüniň dowamynda baş ýörelge edindi. Beýik Watançylyk urşunyň gahrymançylykly ýollaryny geçen suratkeşiň eserlerinde parahatçylygyň gadyry we Watana bolan çäksiz söýgi her bir reňk öwüşgininde aýdyň duýulýar. Ussadyň realistik ýörelgelere esaslanýan döredijilik dünýäsi, onuň dürli žanrlarda döreden eserlerinde durmuşy hakykatyň çeper beýanyny görmek bolýar. Suratkeşiň eserleri žanr taýdan dürlüligi we çeperçilik derejesi bilen tapawutlanýar. Sergä ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem suratkeş Nyýazmyrat Dowodowyň nesilleri we ýakyn garyndaşlary hem gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Türki dünýäsiniň milli çaga oýunlary» atly surat çekmek boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryna Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
Şeýle ähmiýetli serginiň guralmagy, milli sungatymyzyň ägirtleriniň atlaryny ebedileşdirmek we halkymyza ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.