«Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz»

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamyny ösdürmek, galyberse-de, türkmen medeniýetini we sungatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, sanly ulgamyň gazananlary arkaly muzeý işini ösdürmek barada uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hereket edýän artmuseum.gov.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astyndaky onlaýn sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Muzeýiň internet sahypasynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirilen bu muzeý taslamasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek girizilendigini bellenildi. Açylan online serginiň maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek hem-de ýerlikli peýdalanmak bolup durýandygy dogrusynda muzeýiň ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa Altyn asyr Türkmenistan teleýaýlymynda çykyş etdi. Bu taslamany (onlaýn sergini) durmuşa geçirmekde bar bolan sanly infrastruktura we elýeterli internet mümkinçiliklerine esaslanyldy.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň internet salgysynda hereket edýän  virtualmuseum.gov.tm internet sahypasy dogrusynda «Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz» atly gepleşikde muzeýiň Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa «Türkmenistan» teleýaýlymynda çykyş etdi. «Wirtual muzeý» taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat edip, muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligi elýeterlidir.

Paýlaş

20/04/2026

Brifing duşuşyk

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ý

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244