«Taryhy şöhratly türkmen bedewleri» atly teleýazgy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Taryhy şöhratly türkmen bedewleri» atly teleýazgy geçirildi. Gepleşige Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gaznalary goraýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Atdaýewa Mähri, «Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri» YUNESKO klubynyň başlygy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň mugallymy Şamyradowa Gunça, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Atabaýewa Güljeren, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministirliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ylmy işgäri Oguljeren Baýnazarowa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda zenanlar ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar hem-de türkmen bedewleri barada çykyş etdiler. Ýazgyny «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Selbi Amangulyýewa alyp bardy.