«Bedew waspy sungatda» atly sergi

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ösüşi-özgerişi, medeniýeti we sungaty bilen at-owazy dünýä dolan halkymyz milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasyny belentde tutýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde şatlyk-şowhuna beslenip bellenilmegi hem-de ony Döwlet tugramyzda ýerleşdirilmegi bedewlere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylda türkmeniň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýyny ýene bir ýola belende göterdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan çuňňur söýgüsi halk döredijiliginde we ýazuwly edebiýatda giňden orun alypdyr» diýip belleýşi ýaly, milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de könül syrdaşymyz bolan behişdi bedewlerimize uly hormat goýulýandygyny görmek bolýar.

Güneşli ülkämizde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyz ýylyň ady bilen baglanyşykly utgaşyp gelen bedew baýramyny has-da joşgunly, giňden belleýär. Gamyşgulak atlarymyzyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Bedew waspy sungatda» atly sergi açyldy. Bu sergide görkezilen gymmatlyklar behişdi bedewlerimiziň sungatyň dili bilen waspyny ýetirdi.

Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen halkymyzy bedew baýramy bilen tüýs  ýürekden gutlaýarys! Goý, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baýdagymyz belentde parlap, bedew atlarymyz toý-baýramlary bezesin!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244