Söwda-senagat edarasynda göçme sergi
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergisini gurady. Onda muzeýiň hünärmeni Güljeren Atabaýewa sergä gelen myhmanlary muzeý gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrdy. Sergidäki ussat halypalaryň ýerine ýetiren birnäçe ajaýyp sungat eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy.