Megri — Arkalaşygyň medeni paýtagty

Häzirki wagtda Ermenistan Respublikasynda Megri şäheriniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler dowam edýär. 14-18-nji apreli aralygynda Megri şäherinde geçirilýän bu medeni çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetleri bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de Megri şäheriniň taryhy ýerlerine aýlanyp, halkyň medeni-mirasy bilen içgin tanyşdylar.  Nar jülgesiniň gözelligini synladylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň guran sergisine aýlanyp gördüler. 

Soňra türkmen wekiliýeti  Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244