Halkara sergi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky meselelere seredildi. Sergide daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen bir hatarda ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary özleriniň alyp barýan işleri dogrusynda, şeýle hem halkymyz üçin edilýän hyzmatlar barada sergä gatnaşyjylar tanyşdylar. Daşary döwletler biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyp, türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taryhy ýadygärliklerimiz, ajaýyp binagärlik desgalarymyz, täsin tebigy künjeklerimiz bilen ýakyndan tanyşdylar. «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty aprel aýynyň 14-16-sy aralygynda dowam eder.