Söhbetdeşlik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy has-da belende göterildi. Behişdi bedewlermiz biziň maddy we ruhy gymmatlygymyzdyr. Bular dogrusynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri çykyş edip, «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan hem ýazgy edildi. Onuň dowamynda bedewlerimiziň ajaýyp waspy, şeýle-de muzeýde alnyp barylýan işler barada nygtaldy. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.