«Sungatda bedew waspy» atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedew atlarymyzyň at-abraýynyň dünýä derejesinde arşa galýandygy we ýurdumyzda her bir gazanylýan üstünlikleriň bedew badyna deňelýändigi barada söhbet edildi. Söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeniýetini we sungatyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244