«Halkyň saglygy-döwletiň baýlygy» atly sergi

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň  belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyga bagyşlanan «Halkyň saglygy —döwletiň baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «Donorçylar», Çary Amangeldiýewiň «Türkmenistanyň ylymlar akademiýanyň akademigi Boris Smirnow», Annadurdy Almämmedowyň «Futbolçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Medisina ylymlarynyň doktory, profesor Aýsoltan Mämmetgulyýewa», «Şepagat uýasy» ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär. Türkmenistan  döwletimizi sagdynlygyň  we ruhubelentligiň  ýurduna öwürmäge, ösüp gelýän  ýaş  nesilleri beden we ruhy  taýdan sagdyn terbiýelemäge uly goşant  goşýan  türkmen halkynyň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň janlary  sag bolsun! Döwlet  ähmiýetli işleri elmydama  rowaçlyklara  beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244