Talyp ýaşlaryň gezelenji
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli medeni-mirasymyzy ösdürmek, türkmen ýaşlaryna taryhymyzy öwretmek, döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Telekommuniksiýalar we informatika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Talyp ýaşlar muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de olary gyzyklandyrýan eserler barada muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Bu hem ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gezelenje gelen talyp ýaşlar tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.