Baýramçylyk göçme sergisi
Eziz Diýarymyzda zenan sarpasy ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň esasynda dowam edip gelýär. Halkara zenanlar gününiň öňü syrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem özüniň ajaýyp eserlerinden düzülen göçme sergisini gurady. Baýramçylyk konsertine gatnaşan myhmanlarda göçme sergi uly täsir galdyrdy. Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň ýüzi elmydama gülüp dursun, bahar ýaly täze umytlar we bagt getirsin. Ýurdumyzda mähriban ynsanlara bolan, söýginiň, hormatyň nyşany hökminde bellenilýän bu baýramda hemmelere jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. 8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly bolsun!