Siziň üçin körpeler

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyklaryň biri 8-nji mart Halkara zenanlar günidir. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk serginiň çäklerinde «Siziň üçin körpeler» ýörite çagalar üçin niýetlen gepleşigiň baýramçylyk sanynyň ýazgysy geçirildi. Ýazga Aşgabat şäheriniň çäklerinde ýerleşýän birnäçe Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar. Ýazga gatnaşan çagalar zenanlara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244